Mahatir Muhammet:Uýgur bosgunlary Malaýziýadan çykarmarys
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6634-mahatir_muhammet_uýgur_bosgunlary_malaýziýadan_çykarmarys
Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Muhammet Hytaýdan bu ýurda pena getiren Uýgurlary çykarmajakdygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 28, 2019 15:56 Asia/Ashgabat
  • Mahatir Muhammet:Uýgur bosgunlary Malaýziýadan çykarmarys

Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Muhammet Hytaýdan bu ýurda pena getiren Uýgurlary çykarmajakdygyny nygtady.

Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Malaýziýanyň premýer ministri Mahatir Muhammet düýn bu ýurduň mejlisindäki garşy partiýalaryň wekilleriniň Hytaýyň Sinjiang az ygtyýar sebitiniň ilaty barada beren soraglarynyň jogabynda egerde az ygtyýar Sinjiang sebitiniň Uýgur musulmanlary Malaýziýa gelip bosgunlyk talap etseler Hytaýyň isleglerine garamazdan olary kabul edip ýurtdan çykarmarys diýip yglan etdi.

Malaýziýa hiç bir ýurduň içeri işlerine gatyşýan däldir we gatyşmak hem niýeti ýokdyr emma dünýäniň ýüzünde musulmanlar şol sanda Uýgurlar basyş astynda ýaşaýandyrlar diýip Malaýziýanyň premýer ministri aýtdy.

Uýgur ilaty öz janlaryndan gorkmaklary sebäpli başga ýurtlara gidip bilýändirler diýip Mahatir Muhammet sözlerine goşdy.