Amerika Kuweýt ýurduna 4 müň harby güýji ýollajakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6668-amerika_kuweýt_ýurduna_4_müň_harby_güýji_ýollajakdyr
Amerikanyň Aziýanyň günbatarynda igenşik döretmek ugurda ýola berýän işleriniň dowamynda Amerikanyň Fax news tele ýaýlymy bu ýurduň prezidenti Donald Trampyň Kuweýt ýurduna 4 müň howa güýjüni ýollamakçydygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 01, 2020 14:36 Asia/Ashgabat
  • Amerika Kuweýt ýurduna 4 müň harby güýji ýollajakdyr

Amerikanyň Aziýanyň günbatarynda igenşik döretmek ugurda ýola berýän işleriniň dowamynda Amerikanyň Fax news tele ýaýlymy bu ýurduň prezidenti Donald Trampyň Kuweýt ýurduna 4 müň howa güýjüni ýollamakçydygyny habar berdi.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp aňrysy 4 güne çenli 4 müň howa güýjini Kuweýt-e ýollamak barada tutum tutandyr diýip Fax news tele ýaýlymy Amerikanyň 3 sany goranmak orundaryna salgylanyp habar berdi.

Amerikanyň goranmak ministri Mark Esper hem mundan ozal Waşingtonyň tiz operasiýa girişýän güýçleriň 750-sini Bagdada ýollajakdygyny habar beripdi.

Amerikanyň Bagdatdaky ilçihanasy sişenbe günden bäri Amerika garşy protestleriň meýdanyna öwrülendir.

Amerikanyň uçarmansyz uçarlary geçen ýekşenbe güni Siriýanyň serhet sebitlerinde ýerleşen Yragyň Al-Gaym şäherindäki Haşad al-Şaabi güýçleriniň pozisiýalaryny bombaladylar netijede bu güýçleriň 25 agzasy öldi we 51 agzasy ýaralandy.

Yragyň resmileri,syýasy akymlary we şahsyýetleri Amerikanyň bu hüjümini ýazgarmak bilen ony bu ýurduň häkimiýetiniň bozulmagy hasaplandyrlar.