Amerikanyň serdar Suleýmanini terror etmeginden Türkiýäniň mejlisi alada bildirdi
Türkiýäniň mejlis başlygy Eýranyň yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranyňnyň Kudus güýjüniň serkerdesi general Gasym Suleýmanini şehit etmekde Amerikanyň ýola beren terrorçylykly işleriniň çykaryp biljek netijeleri barada howatyrlanma bildirdi.
Anatolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Türkiýe mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bu ýurduň Tekirdag welaýatynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň bu el-gatyjylykly we jenaýatçylykly işleri halyk-ara kanunlaryň we bir ýurduň häkimiýetidir toprak bitewiliginiň tersine bolmagyndan aýry halyk-ara terrorizmiň açyk mysalydyr diýdi.
Amerikanyň bu hili wagşylykly hüjümleri bilen Aziýanyň günbatar sebitinde hiç haçan parahatçylygyň ýüzüni görüp bolmaz şoňa görä sebit ilaty terrorizme garşy göreşmek üçin özleri tagalla etmelidirler diýip Türkiýäniň mejlis başlygy aýtdy.
general Gasym Suleýmani bilen ýaranlary ana güni daňdan terrorçy Amerikaly güýçleriň howa hüjümlerinde Bagdadyň howa menziliniň ýakynynda şehit boldylar.
Amerikanyň uruş ministrligi PENTAGON bu hüjümiň buýrugyny bu ýurduň prezidenti Donald Trampyň berendigini yglan etdi.