Eýranyň raketalyk hüjümi Amerikanyň başyny çaşyrandyr
Yrakdaky Amerikanyň bazalaryny Eýranyň raketa bilen urmagyndan soň Amerikanyň prezidentiniň etjek möhüm çykyşy barada Ak-Tamyň ýaýradan ýaýradyşlaryna garamazdan Tramp bu barada beren gürrüňlerinde diňe Eýrana garşy täze gadaganlyklaryň ýola beriljekdigini habar berdi.
Amerikanyň prezidenti Donald Tramp özüniň bu çykyşynda Eýranyň ýola beren raketalyk hüjümini kän möhüm bilmäni Eýranyň bu hüjüminde hiç bir Amerikaly harby güýjüne zyýan ýeten däldir we diňe baza bir näçe zyýan ýetişendir diýip toslady.
bu bazalaryň duýduryş beriji sistemalary wagtynda duýduryş berip hüjümde ýitiň ýüze çykmagynyň öňüni alandyr diýip Tramp toslady.ýerli şaýatlar Eýranyň ýaňky raketalyk hüjümlerinde Amerikanyň bazalarynda uly ýitgileriň we zyýanlaryň ýüze çykanlygyny tassyklan ýagdaýlarynda Amerikanyň prezidenti bu toslamalary dile getirendir.
şol bir wagtda Amerika goşuny Eýranyň ýola beren raketalyk hüjüminde Yragyň Al-Anbar welaýatynda ýerleşen Ein al-Assad bazasyna 11 raketanyň degendigini makullady.
Aziýanyň günbatarynda igenşikleriň güýjürgemeginiň yzy bilen Daniýanyň premýer ministri Yrakdaky harbylarynyň Kuweýt ýurduna geçirilmegini habar berdi.Ispaniýa hem Yrakdaky öz harbylarynyň bir toparynyň Kuweýt-e geçirilendigini yglan etdi.