Putin bilen Makeron ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagyny nygtadylar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6770-putin_bilen_makeron_ýadro_ylalaşygyň_iş_maslahatynyň_goralmagyny_nygtadylar
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron ýekşenbe güni telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagynyň zerurlygyny nygtadylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 13, 2020 13:55 Asia/Ashgabat
  • Putin bilen Makeron ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagyny nygtadylar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Fransiýanyň prezidenti Emanuel Makeron ýekşenbe güni telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagynyň zerurlygyny nygtadylar.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Putin bilen Makeron bu telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny goramak baradaky tagallalaryň dowam etdirilmegi barada ylalaşdylar diýip öten agşam Kremlin köşki bir beýannama boýunça yglan etdi.

Orsýet bilen Fransiýanyň prezidentleri şeýle-de Siriýanyň soňky ýagdaýlary we Ukrainanyň barlyşyk gepleşikleri barada gürrüň etdiler.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda bir taraplaýyn we bikanun suratda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp Eýrana garşy ýatyrylan ýadro gadaganlyklary gaýtadan ýola berip başlady.

Amerikanyň prezidentiniň bu işi bu ýurduň içinden aýry dünýä derejesinde giňden ýazgaryldy.