Özbegistanda döwlet wezipesinden çekildi
Özbegistanyň premýer ministri bu ýurtda täze döwletiň gurulmagyna şert döretmek maksady bilen özüniň wezipesinden kenara çekilýändigini sena mejlisine yglan etdi.
şu gün Türkiýäniň Anadolu habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Abdulla Aripow 2019-nji ýylyň Dekabr aýynyň 22-sinde geçirilen saýlawçylykdan soň Özbegistanyň täze ministrler kabinetiniň döredilmegi ugurynda özüniň gyraga çekilýändigini yglan etdi.
Özbegistanyň esasy kanuny boýunça gyraga çekilen Aripowyň döwleti Özbegistanyň täze ministrler kabineti işe başlaýança özüniň işini dowam etjekdir.
Özbegistanyň parlament saýlawlarynda üstünlik gazanan liberal demokrat partiýasy Aripowy täze ministrler kabinetiniň premýer ministri höküminde tanadandyr.