Kabul döwleti Taliban bilen ýaraşyk gepleşikleri geçirmegi teklip etdi
Owganystan döwletiniň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy Abdulla Abdulla Taliban bilen ýaraşyk gepleşikleri geçirmegi teklip etdi.
Abdulla Abdulla Kabulda zenanlar boýunça milli konferensiýasynda eden çykyşynda her haçanda taliban topary ýaraşyk gepleşiklere taýýarlygy bolsa Owganystan döwleti hem bu gepleşikleri başlamaga taýýardyr diýip yglan etdi.
mundan ozal Owganystanyň ýaraşyk boýunça ýokary geňeşi kowumlaryň we ulamalaryň hzmatdaşlygy arkaly Taliban bilen ýaraşyk gepleşikleri başlamak ugurda tagall edýänligini yglan edipdi.
emma taliban topary ýaraşyk gepleşiklere girişmek üçin bolsa daşary ýurt harbylaryň hemmesiniň Owganystandan çykarylmagyny we talibanyň katardaky syýasy gullugynyň ykrar edilmegini şert edipdi.