ýaşmagyň jahanlyk güni Gyrgyzystanda gadyrlandy
Hijap ýa-da şol ýaşmagyň jahanlyk güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek-de musulman zenanlaryň hukukyndan arka çykmak maksady bilen geçirildi.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,syýasat,ykdysadyýet we medeni örilerde aktiw bolan Gyrgyz zenanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen merasymda ýaşmagyň jahanlyk güni gadyrlandy.
Gyrgyzystanyň deslapky žurnaly bolan Ymmat žurnalyň baş tutanlygynda geçirilen bu merasymda Gyrgyzystanyň ösüşinde zenanlaryň şol sanda dindar zenanlaryň roly hakynda gürrüň boldy.
Ymmat žurnalyň jogapkäri Elina Strawa bu merasymda beren gürrüňlerinde geçen 4 ýylda Gyrgyzystanda ýaşmagyň jahanlyk gününiň gadyrlanyş merasymlarynda 4 müňden eýräk zenan gatnaşandyrlar olaryň arasynda tanymal şahsyýetler,orundarlar we mejlis wekilleri hem bolandyr diýip yglan etdi.
ýaşmagyň jahanlyk güni 2014-nji ýylda musulman zenanlaryň hukukyny goramak maksady bilen atlandyryldy we dünýäniň 116 ýurdy şol sanda Gyrgyzystan ony hemaýat etdi.