Krona wirusyna garşy göreş dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i6944-krona_wirusyna_garşy_göreş_dowam_edýär
bütin dünýä saglygy aklaýyş guramasy bir beýannama çykaryň Krona wirusynyň öňüni almak ugurda geljek hepdede Ženewada bir sammitiň geçiriljekdigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Feb 06, 2020 16:56 Asia/Ashgabat
  • Krona wirusyna garşy göreş dowam edýär

bütin dünýä saglygy aklaýyş guramasy bir beýannama çykaryň Krona wirusynyň öňüni almak ugurda geljek hepdede Ženewada bir sammitiň geçiriljekdigini habar berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,bu guramanyň ekspertleri Fewralyň 11-nji we 12-nji günleri Ženewada geçiriljek bu sammitde Krona wirusynyň öňüni almak,bu wirusa uçran adamlaryň dewa derman edilmekleri hem-de Krona wirusynyň waksinasion meseleleri barada gürrüň ediler diýlip bütin dünýä saglygy aklaýyş guramasynyň beýannamasynda getirilýär.

şol bir wagtda Hytaýyň prezidenti Şi Jin Ping bu ýurtda Krona wirusynyň ýaýramak meselesiniň öňüni almakda Hytaý döwletiniň elde baryny gaýgyrmajakdygyny habar berdi.

şeksiz biz bu wirusy kontrol ederis we bu barada berk çäreleri göreris.görülen çäreler bolsa hökman netije berer diýip Şi Jin Ping aýtdy.

Hytaýyň saglygy saklaýyş komisýony şu mahala çenli bu ýurtda Krona wirusyna uçrap janlaryny elden beren adamlaryň sanyny 560 adam diýip yglan etdi.

geçen Dekabr aýyň soňlarynda Krona wirusynyň birinji sapar Hytaýyň Wuhan şäherinde görülmeginden soň indi bu wirus Hytaýyň 30 welaýatyndan aýry dünýäniň 23 ýurdynda hem görülendir.