Amerikada Korona wirusynyň ýöň bolmagy barada duýduryş berildi
Amerikada syrkawlyga gözegçilik edýän merkezi bu ýurduň ilatyna Korona wirusynyň ýoň bolmagy barada duýduryş berdi.
Amerikanyň milli lukmançylyk merkeziniň başlygy Nansy Musonir bu ýurtda Korona wirusynyň ýöň bolmagy barada duýduryş bermek bilen bir wagtda ilatdan habardar bolmaklaryny isledi..
Koronanyň ýoň bolmagyndan onuň zamany möhümrakdyr emma Amerikanyň saglygy goraýyş resmileriniň bu barada maglumatlary ýokdyr oňa görä ilat ýaşaýyşlarynda çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmagyna taýýarlyk görmelidirler diýip Musonir aýtdy.
Ak-Tamyň yglan etmegine görä,Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň döwleti Korona wirusy barada waksina öndürmek ugurda koňreden 2 milliard 500 million dollar býujetiň makullanmagyny isländir.Amerikanyň wekiller mejlisiniň demokrat başlygy Nansy Plosy bolsa Ak-Tamyň bu isleginiň jogabynda Korona wirusy bilen garşylaşmak üçin Trampyň bu isleginiň giç we ýeterlik däldigini aýtdy.
Amerikanyň Kalifornia ştabynyň San fransisko şäheriniň häkimi Landen Berid hem Korona wirusynyň ýaýramagyndan gorkyp bu şäherde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.