Howpsuzlyk Geňeşi Ýemene garşy ýarag gadaganlyklaryny uzaklaşdyrdy
Birleşen Milletler Milletler Guramanyň Howpsuzlyk Geňeşi Ýemene garşy ýarag gadaganlyklaryny 2021-nji ýylyň Fewral aýya çenli uzaklaşdyrdy.
Britaniýanyň öňe süren karar haty esasynda Ýemene ýaragyň satylmagy indiki ýylyň Fewral aýyna çenli gadagan edildi şeýle-de Ýemeniň kä resmileriniň daşary ýurtlara sapar etmeklerine çäklik girizildi we olaryň baýlyklary doňdurylmaly boldy.
bu karar hata Howpsuzlyk Geňeşiniň 13 agzasy oňyn sesi berdi we Orsýet bilen Hytaý oňa ses bermekden saklandylar.
Amerikanyň BMG-syndaky wekili Radny Hanter bu maslahatda ýene bir gezek Eýrany Ýemeniň halyk güýçlerine ýarag ibermeklikde aýypladylar.
Britaniýanyň öňe süren bu karar haty barada ses alynmakdan ozal Orsýetiň wekili bu karar hatda Eýran Ýemene ýarag ibermeklikde aýyplansa ony weto etjekdigi barada haýbat atypdy.
şol bir wagtda Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Wasili Nebenziýa Howpsuzlyk Geňeşinde Ýemene garşy bu karar hatyň makullanmagyna tankyt bildirip Günbatar döwletleriň bu hili boluşlary bu geňeşde agzalalygyň ýüze çykmagyna sebäp bolandyr diýip ynam bildirdi.
Günbatar döwletleri Ýemen ilatyna garşy uruşýan Saud Birligine milliardlarça dollarlyk ýarag satýan mahallary Howpsuzlyk Geňeşi Ýemene garşy bu ýarag gadaganlygyny ýola goýadyr.