Aşraf Gani:Owganystanyň häkimiýeti yslmy emirlik däldir
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7102-aşraf_gani_owganystanyň_häkimiýeti_yslmy_emirlik_däldir
Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani düýn beren gürrüňlerinde bu ýurduň häkimiýetiniň respublika esasyndadygyny nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 01, 2020 19:25 Asia/Ashgabat
  • Aşraf Gani:Owganystanyň häkimiýeti yslmy emirlik däldir

Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani düýn beren gürrüňlerinde bu ýurduň häkimiýetiniň respublika esasyndadygyny nygtady.

Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Kabulda Amerikanyň goranmak ministri Mark Sper we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen geçiren ortak habar konferensiýada Owganystanyň häkimiýeti yslamy emirlik däldir eýsem respublikan düzgündir diýip beýan etdi.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani şeýle-de Taliban topary Amerika bilen ýeten ylalaşygyna jogapkär bolmalydyr diýip yglan etdi.

Owganystan ýurdy Amerikanyň täze hütdämenligine mätäç däldir eýsem Loýa Jerge-niň oňlan ylalaşygy ýeterlikdir diýip Aşraf Gani aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani şeýle-de ýene bir habar konferensiýada beren gürrüňlerinde Kabul bendileri azat etmäge jogapkär däldir diýmek bilen bu barada Amerikanyň Kabul tarapyndan wada bermäge haky ýokdyr diýip nygtady.