Amerikanyň adam hukuk boýunça hasabatyna Täjigistan tankyt bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7185-amerikanyň_adam_hukuk_boýunça_hasabatyna_täjigistan_tankyt_bildirdi
Täjigistanyň daşary işler ministrligi bu ýurduň adam hukuk ýagdaýy barada Amerikanyň daşary işler ministrliginiň çykaran baýakky hasabatyna tankyt bildirmek bilen bu hasabaty syýasy we hakykatdan daş bolan hasabat hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 15, 2020 14:55 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň adam hukuk boýunça hasabatyna Täjigistan tankyt bildirdi

Täjigistanyň daşary işler ministrligi bu ýurduň adam hukuk ýagdaýy barada Amerikanyň daşary işler ministrliginiň çykaran baýakky hasabatyna tankyt bildirmek bilen bu hasabaty syýasy we hakykatdan daş bolan hasabat hasaplady.

Täsnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistanyň daşary işler ministrligi düýn bir beýannama boýunça Amerika tarapyndan Täjigistanyň adam hukuky ýagdaýy barada taýýarlanan hasabat garaşsyz bir ýurduň içeri işlerine goşulmak manysynda bolmakdan aýry başga ýurtlaryň içeri we daşary işlerine täsir galdyrmak üçin taýýarlanan hasabatdyr we bu bolsa halkara hukukyň tersinedir diýip yglan etdi.

Amerikanyň daşary işler ministrligiň bu hasabaty Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň içeri işlerine goşulmakdan saklanmak baradaky bu guramanyň jarnamasyny bozýandyr diýip Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň beýannamasynyň dowamynda getirilýär.

Amerikanyň daşary işler ministrliginiň ýaňky hasabatynda Täjigistanyň häkimiýeti diktatorlyga aýyplanmakdan aýry bu ýurtdaky bendileriň türmeleriň jogapkärleri tarapyndan gynalyp öldürilýändikleri getirilendir.