Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň prezidentleri korona barada telefon arkaly söhbetdeş boldylar
Mar 28, 2020 09:42 Asia/Ashgabat
Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň prezidentleri telefon arkaly geçiren söhbetdeşliklerinde korona barada we bu wirus bilen garşylaşmagyň ýollary barada gürrüň etdiler.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Şawkat Mirziýoýew bilen Sooronbaý Jeenbekow telefon arkaly söhbetdeşlikde bu kesele garşy netijeli göreşmek we onuň ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklarynda ýüze çykarjak ýaramaz netijeleriniň öňüni almak üçin yzygiderli utgaşdyrmagyň we özara goldawyň zerurdygyny aýtdylar.
Özbegistanyň bilen Gyrgyzystanyň prezidentleri şeýle-de iki ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we halkara hem-de sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.