Gazagystanyň Iň köp ilatly üçünji şäheri karantine edildi
Gazagystanda koronawirusynyň ýaýramagy bilen bu ýurduň iň köp ilatly üçünji şäheri hasaplanýan Şimkent şäheriniň karantine edilendigini bu şäheriň häkimi habar berdi.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mart aýyň 31-ri sagat 9-dan başlap maşinlaryň Şimkent şäherine girmekleri ýada ondan çykmaklary gadagandyr diýip bu şäheriň häkimi Murat Aýtynow aýtdy.
elbet ilatyň zerur mätäçlerini alyp barýan maşynlar bu çäkligiň içine girýän däldirler diýip Aýtynow aýtdy.
Şimkent şäheriniň ýaşaýjylary doly jogapkärçilik bilen saglyk we çäklendiriji talaplary berjaý etmelidirler we ýygnanmaklyga sebäp bolýan maşgala we dini baýramçylyklary geçirmekden saklanmalydyrlar diýip Aýtynow sözlerine goşdy.
mundan Ozal Gazagystanyň Nursultan we Almaty ýaly iki köp ilatly şäherinde karantina yglan edildi.Häzirki wagtda Gazagystanda jemi 325 adam koronawirusyna uçrandyr Şolardan 22-si sagaldy, başga-da ikisi öldi.