Gazagystanyň Iň köp ilatly üçünji şäheri karantine edildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7293-gazagystanyň_iň_köp_ilatly_üçünji_şäheri_karantine_edildi
Gazagystanda koronawirusynyň ýaýramagy bilen bu ýurduň iň köp ilatly üçünji şäheri hasaplanýan Şimkent şäheriniň karantine edilendigini bu şäheriň häkimi habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Mar 31, 2020 15:46 Asia/Ashgabat
  • Gazagystanyň Iň köp ilatly üçünji şäheri karantine edildi

Gazagystanda koronawirusynyň ýaýramagy bilen bu ýurduň iň köp ilatly üçünji şäheri hasaplanýan Şimkent şäheriniň karantine edilendigini bu şäheriň häkimi habar berdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Mart aýyň 31-ri sagat 9-dan başlap maşinlaryň Şimkent şäherine girmekleri ýada ondan çykmaklary gadagandyr diýip bu şäheriň häkimi Murat Aýtynow aýtdy.

elbet ilatyň zerur mätäçlerini alyp barýan maşynlar bu çäkligiň içine girýän däldirler diýip Aýtynow aýtdy.

Şimkent şäheriniň ýaşaýjylary doly jogapkärçilik bilen saglyk we çäklendiriji talaplary berjaý etmelidirler we ýygnanmaklyga sebäp bolýan maşgala we dini baýramçylyklary geçirmekden saklanmalydyrlar diýip Aýtynow sözlerine goşdy.

mundan Ozal Gazagystanyň Nursultan we Almaty ýaly iki köp ilatly şäherinde karantina yglan  edildi.Häzirki wagtda Gazagystanda jemi 325 adam koronawirusyna uçrandyr Şolardan 22-si sagaldy, başga-da ikisi öldi.