Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy karantiniň ýatyrylmagy barada duýduryş berdi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom koronawirusynyň döredip duran ykdysady we sosial kynçylyklaryna yşarat edip dünýä ýurtlaryň karantine meselesine ýörite üns bermeklerini nygtamak bilen dünýäde korowirusyna uçran adamlaryň sanynyň bir million bir ýüz müň adamdan geçendigini yglan etdi.
koronawirusynyň öňüni almak ugurda dünýä ýurtlaryň karantine meselesini herne basym ýerine ýetirmekleri zerur meseledir karantinäni ýöredip duran ýurtlaryň hem wagtyndan ozal bu çäräni ýatyrmaklary ykdysady we sosial taýdan korona keseliniň ýaramaz täsirleriniň dowam etmegine sebäp boljakdyr diýip Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adhanom aýtdy.
ýene bir habar boýunça korona keseli dünýä ýurtlarynda gaty ýaýrap durandyr şol sanda Amerikada koronawirusyna uçran adamlaryň sany 276 müňden geçip ölenleriň sany hem 7 müňden geçendir.şeýlelik bilen Amerika ýurdy korona keseline uçramakda özüniň şol birinji orunyny saklandyr.
bütindünýä guramasy hem Amerikanyň basymlykda koronanyň ojagyna öwürilmegi barada duýduryş berendir.Amerikanyň 50 ştatynyň hemmesi koronawirusyndan ejir çekýändirler.
Ýewropa ýurtlarynda şol sanda Fransiýa,Italiýa,Ispaniýa we Germaniýa ýurtlarynda hem korona uçran adamlaryň sany gaty artýandyr.
Ýaponiýa,Günorta Koreýa,Hindistan,Täze zelandiýa,Taýland we Indoneziýa ýurtlarynda hem koronawirusyna duçar bolan adamlaryň sany artandyr.
bütindünýä bankyň başlygy Daiwid Malpas hem korona keseliň döretjek ykdysady kynçylyklarynyň dünýäniň garyp ýurtlarynda gaty howply boljakdygy barada duýduryş berdi.
ýurtlary ylaýtada garyp ýurtlary goldap koronanyň döreden kynçylyklaryna çäre görmek zerur mesele bolup durýandyr diýip Malpas aýtdy.
şol bir wagtda halkara pul fondynyň başlygy Kristalina Georgiewa koronawirusynyň dünýäniň ykdysadyýetinde galdyrjak ýaramaz täsirlerini 2008-nji ýylyň ykdysady dartgynlylygyndan elhençräk bildi.