Amerikada koronadan ölenleriň sany 20 000-den geçdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7384-amerikada_koronadan_ölenleriň_sany_20_000_den_geçdi
Amerikada koronawirus sebäpli 1300-den gowrak täze ölüm bilen bu ýurtda bu keselden ölenleriň sany 20 000-den gowrak boldy we koronawirusyndan ölmek taýdan dünýäde birinji orunda ýerleşdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 11, 2020 20:10 Asia/Ashgabat
  • Amerikada koronadan ölenleriň sany 20 000-den geçdi

Amerikada koronawirus sebäpli 1300-den gowrak täze ölüm bilen bu ýurtda bu keselden ölenleriň sany 20 000-den gowrak boldy we koronawirusyndan ölmek taýdan dünýäde birinji orunda ýerleşdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Iň soňky sanawlara görä, Amerikada 18,747 adamyň täzeden koronawirusyna uçrandygy hasaba alynandyr şeýlelik bilen bu kesele ýoluganlaryň umumy sany 521,623-e ýetendir.

Amerikanyň hökümeti, beýleki ýurtlara görä has giç, koronawirusly adamlary saýgarmak barlaglary başlandyr şonuň üçin häzirki wagtda Näsaglaryň köp bolmagy sebäpli anyklaýyş enjamlarynyň we lukmançylyk enjamlarynyň ýetmezçiligi ýüze çykandyr.

Häzirki wagtda Amerikanyň 50 ştatyň hemmesine koronawirusy ýokaşandyr.

Amerikada Koronawirusynyň ýaýramagynyň dowam etdirmegi bilen, köp ykdysatçy maý aýynyň ahyryna çenli ABŞ-da 20 milliondan gowrak adamyň işden çykarylmagyna we işsizligiň 15 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar.