Guterres: Agzybirlik we iman bilen Coronawirusyny ýeňip bolar
BMG-nyň Baş sekretary, agzybirlik we hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk we iman bilen korona keselini ýeňip boljakdygyny aýtdy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş hristiýanlaryň dini baýramy we mukaddes Remezan aýynyň ýakynlaşmagy bilen baglanyşykly çykaran beýannamasynda ähli dinleriň ýolbaşçylaryny dünýä parahatçylygy ugrunda we koronawirusyny ýeňmek üçin bilelikde işlemäge çagyrdy.
Guterreş ýaňky beýannamada dünýäniň ähli adamlaryny aýratynda söweş zolaklarynda we bosgun lagerlerinde mätäçleri we garyplary goldamaga çagyrdy.
koronawirusy 2019-nji ýylyň soňlarynda Hytaýyň gündogaryndaky Hubeý welaýatynyň Wuhan şäherinde tapyldy.
häzirki wagtda dünýäde koronawirusyna uçran adamlaryň sany bir million 800 müňe golaýlandyr.