Täjigistanyň prezidentiniň ogly bu ýurduň Milli Mejlisiniň başlygy boldy
Täjigistanyň Milli Mejlisiň başlygy wezipesine bu ýurduň prezidenti Ymam Ali Rahmanyň uly ogly Rostam Emamali saýlandy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Täjigistanyň milli mejlisiniň 6-nji döwüriniň agzalary anna güni özleriniň ilkinji maslahatlarynda Duşenbe şäheriniň häkimi Rostam Emamalini milli mejlisiniň täze başlygy wezipesine saýladylar.
bu oturşyga Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy we Milli Mejlisiň agzalary Rostam Emamalini gizlin ses bermek arkaly Milli Mejlisiň täze başlygy edip saýladylar.
maslahatyň dowamynda Sugd welaýatynyň häkimi Rajab Baý Ahmadzadeh milli mejlisiniň başlygynyň birinji orunbasary we Badakşanyň häkimi Ýadeadegar Faizow hem Täjigistan Milli mejlisiniň başlygynyň ikinji orunbasary wezipesine saýlandylar.
Kanuna görä, Milli Mejlisiň başlygy Täjigistanda häkimiýet başyndaky ikinji adam hasaplanýandyr we prezidentiň ölmeginden ýada kenara gitmeginden soň mejlis başlygy ýurduň ýolbaşçysy bolýar.