Orsýet Amerikanyň Yrakdaky hereketlerine tankyt bildirdi
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň Yrakdaky hereketini halkara düzgünlerine garşy hasaplady.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowna anna güni göni ýaýlymda geçirilen metbugat ýygnagynda Amerikanyň Yrakdaky durnuksyzlaşdyryş hereketlerini tankytlamak bilen Yragyň çäginden beýleki ýurtlaryň tersine ulanmagy halkara hukukyna garşy gelýändigini aýtdy.
Moskwa şeýle hereketleri Yragyň özygtyýarlylygyny bozmak hasaplaýar, sebäbi bu ýurduň milli bähbitlerine zyýan ýetirýändir diýip Zakarowa aýtdy.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Zaharowa ABŞ-nyň Yrakda harby huzurynyň dowam etmeginiň halkyň islegine we Yrak topragynyň özygtyýarlylygyna we bitewiligine şertsiz hormat goýulmagyna baglydygyny aýtdy.