Guterreş: Corona sanjymy öndürilen badyna dünýäde elýeterli bolmalydyr
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Koronawirusynyň sanjymy haçan-da öndürilse dünýädäki ähli adamlar üçin elýeterli bolmalydyr diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş twitter sahypasynda käbir güýçleriň Coronawirusynyň sanjymy öndürileni soň oňa eýe çykmak ugurda edýän tagallalary barada alada bildirip:koronawirusynyň öňüni almak ugurda halkara derejesinde bileleşige mätäçdiris we bu sanjym öndürileni soň mynasyp bahadan hemmelere elýeterli bolmagy gereklidir diýip beýan etdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş koronawirusyna garşy sanjymdan(waksan) peýdanyň yzynda bolmaklyk dogry däldir diýip sözlerine goşdy.
Dünýädäki ylmy merkezleriniň giňişleýin barlaglaryna garamazdan, alymlar koronawirus üçin kesgitli bir formula oýlap tapmadylar.
Häzirki wagtda dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 2,252 milliondan geçdi, şolardan 154,330 adam öldi.