Russiýa: Eýran däl-de Amerika, halkara hukugyny bozýar
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili penşenbe güni agşam Eýranyň “Nur” hemrasyny uçurmak baradaky hereketiniň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozmaýandygyny aýtdy.
Mariýa Zaharowa şeýle-de Amerika bir ýagdaýda Eýrany Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyny bozmakda aýyplaýandyr welim bu ýurduň özi Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny birnäçe gezek bozandyr diýip aýtdy.
Zakarowa sözüniň dowamynda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň Eýranyň kosmos meselelerinde parahatçylykly gatnaşmagyny gadagan etmeýändigini aýtdy.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranyň emeli hemrany uçurmak baradaky hereketiniň BMG-nyň ýadro programmasy baradaky kararlaryna ters gelmeýändigini aýtmak bilen ABŞ-nyň, Eýranyň raketalarynyň ýadro ýaragyny göterip biljekdigi baradaky öňe süren toslamasyny ret etdi.
"Nur" hemrasy, Eýran Yslam Respublikasynyň ilkinji harby emeli hemrasy hökmünde Eýranyň merkezi çölünden Yslam ynkylabynyň sepah pasdarany tarapyndan çarşenbe güni 425 kilometrlik orbitada ýerleşdirildi.