Pekin Amerikanyň Hytaýyň içeki işlerine gatyşmagy barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7525-pekin_amerikanyň_hytaýyň_içeki_işlerine_gatyşmagy_barada_duýduryş_berdi
Pekin din bahanasy bilen Hytaýyň içerki işlerine goşulmagy barada Amerika döwletine duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 29, 2020 19:13 Asia/Ashgabat
  • Pekin Amerikanyň Hytaýyň içeki işlerine gatyşmagy barada duýduryş berdi

Pekin din bahanasy bilen Hytaýyň içerki işlerine goşulmagy barada Amerika döwletine duýduryş berdi.

Hytaý halkara radiosynyň habaryna görä,Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili çarşenbe güni Pekinde guralan metbugat ýygnagynda Amerikanyň hakykata hormat goýmak we ulumsylygy aýyrmak bilen Hytaýa garşy ýalan habarlary bes etmegini isledi.

Gang Şuang Hytaýyň kanuna boýun egýän ýurtdygyny we dürli etnik toparlaryň kanun boýunça doly dini azatlykdan peýdalanýandygyny aýtdy.

Amerikanyň dini azatlygy boýunça halkara komitet golaýda, 2020-nji ýyldaky hasabatynda Hytaýda dini azatlygyň ýagdaýyny tankytlady.

Häzirki wagtda Hytaýda dürli dinlere uýýan 200 million töweregi adam ýaşaýandyr.