Pekin Amerikanyň Hytaýyň içeki işlerine gatyşmagy barada duýduryş berdi
Apr 29, 2020 19:13 Asia/Ashgabat
Pekin din bahanasy bilen Hytaýyň içerki işlerine goşulmagy barada Amerika döwletine duýduryş berdi.
Hytaý halkara radiosynyň habaryna görä,Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili çarşenbe güni Pekinde guralan metbugat ýygnagynda Amerikanyň hakykata hormat goýmak we ulumsylygy aýyrmak bilen Hytaýa garşy ýalan habarlary bes etmegini isledi.
Gang Şuang Hytaýyň kanuna boýun egýän ýurtdygyny we dürli etnik toparlaryň kanun boýunça doly dini azatlykdan peýdalanýandygyny aýtdy.
Amerikanyň dini azatlygy boýunça halkara komitet golaýda, 2020-nji ýyldaky hasabatynda Hytaýda dini azatlygyň ýagdaýyny tankytlady.
Häzirki wagtda Hytaýda dürli dinlere uýýan 200 million töweregi adam ýaşaýandyr.