Ak tamyň metbugat sekretary: ABŞ Hytaýy jezalandyrmak meselesine çynlakaý çemeleşýär
Ak tamyň metbugat sekretary Trumpyň Hytaýa we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna garşy aýdanlaryny gaýtalamak bilen ABŞ Hytaýy jezalandyrmak meselesine çynlakaý çemeleşýär diýdi.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Ak tamyň Täze metbugat sekretary Kylie MakKannani, bellenenden soň anna güni (1-nji maý) ilkinji metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň prezidentiniň koronawirusyň ýaýramagy sebäpli Hytaýa täze salgytlary girizmek mümkinçiligini ulanjakdygy baradaky soragyň jogabynda Bu barada prezidentden öňürti düşündiriş bermek islämok, ýöne onuň Hytaýa bolan nägileligini görkezýärin diýmek bilen bu ýerlikde Hytaýyň işlerini ret etmekde hiç bir ýaşryn zat ýokdyr diýip beýan etdi.
Ak tamyň metbugat sekretarynyň toslamagyna görä, Hytaý korona baradaky maglumatlary wagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna beren däldir we ABŞ-nyň saglyk gözegçilerine Hytaýyň laboratoriýasyna girmeklerine rugsat beren däldir.
Amerikada tankytçylar Trump bu ýalňyş dolandyryş sebäpli ýüze çykýan içerki basyşdan dynmak üçin Hytaýa we Bütindünýä Saglyk Guramasyna garşy çaklamalara ýüz tutandyklaryny nygtaýarlar.