korona we 2020-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň peselmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7838-korona_we_2020_nji_ýylda_dünýä_ykdysadyýetiniň_ösüş_depgininiň_peselmegi
Bütindünýä banky, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda takmynan 5,2 göterim peseljekdiginiy çaklaýar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 09, 2020 06:09 Asia/Ashgabat
  • korona we 2020-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň peselmegi

Bütindünýä banky, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda takmynan 5,2 göterim peseljekdiginiy çaklaýar.

Roýter habar gullugynyň habaryna görä,Bütindünýä banky korona epidemiýasynyň täsiri baradaky soňky hasabatynda ösen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň şu ýyl 7%, ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň 2,5% peseljekdigini aýtdy.

Şeýlelik bilen, beýle pese gaçmak Ikinji jahan urşundan soň görlüp-eşidilmedik derejede boldy.

Amerika we Ýaponiýanyň ykdysadyýeti şu ýyl 6,1 göterim, ýewro zonasy 9,1 göterim, Braziliýanyň ykdysadyýeti 8 göterim, Hindistanyň ykdysadyýeti 3,2 göterim we Hytaýyň ykdysadyýeti bir göterim peseler.

Şeýle hem Bütindünýä banky, dünýäde 70-100 million aralygynda adamyň aşa garyplykdan ejir çekjekdigini çaklaýar.