Halkara Atom Energiýasy Guramasy Ak tam bilen ugurdaşlykda Eýrany aýyplaýar
https://parstoday.ir/tk/news/world-i7888-halkara_atom_energiýasy_guramasy_ak_tam_bilen_ugurdaşlykda_eýrany_aýyplaýar
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Ak tamyň syýasatlaryna laýyklykda we bu guramanyň ozalky çykaran köp sanly hasabatlaryna garamazdan Eýrana degişli iki ýadro merkeziň bu guramanyň el ýetirliginde goýulmazlygynda Tehrani aýyplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 15, 2020 12:27 Asia/Ashgabat
  • Halkara Atom Energiýasy Guramasy  Ak tam bilen ugurdaşlykda Eýrany aýyplaýar

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Ak tamyň syýasatlaryna laýyklykda we bu guramanyň ozalky çykaran köp sanly hasabatlaryna garamazdan Eýrana degişli iki ýadro merkeziň bu guramanyň el ýetirliginde goýulmazlygynda Tehrani aýyplady.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi şu gün IAEA Dolandyryjylar geňeşiniň wirtual ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýran dört aýdan gowrak wagt bäri, bu iki mekany halkara aton energiýasy guramasynyň gözegçileriniň el ýeterliginde goýman durandyr diýip toslady.

Halkara Aton Energiýasy Guramasynyň gözegçileri geçen ýyllarda ýadro merkezlerini ençeme gaýtar ýakyndan barlamak bilen Eýranyň ýadro işleriniň parahatçylyklydygyny ykrar eden ýagdaýlarynda Grossi bu toslamany öňe sürendir.

Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryş Geňeşine agza ýurtlaryň bäş günlük ýygnagy şu gün, duşenbe, 15-nji iýunda guramanyň Wenadaky wirtual merkezinde başlandy.