Balh welaýatynyň häkiminiň kenarda guýulmagyna Owganystanyň demirgazyk sebitleriniň ilaty nägile boldylar.
Owganystanyň demir gazyk sebitlerinde ýaşaýan ilat bu ýurdyň milli birleşik döwletiniň başlyklarynyň Balh welaýatynyň häkimi Ata Muhammet Nury kenarda goýmak baradaky tutumlarynyň gaýtawulynda bu raýlaryndan gaýtmaklaryny islediler.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýan ilatyň ýüzlerçesi,welaýat geňeşiniň wekilleri,ulamalar we Owganystanyň ýerli serkerdeleri düýn Balh welaýatyň häkimi Ata Muhammet Nuryň duşuşygynda bu welaýatyň häkiminiň wezipesinden boşadylmagy bilen Balh welaýatynda DAEŞ terrorçylaryň huzurly bolmaklaryna şert dörejekdir diýip döwlete duýduryş berdiler.
Balh welaýatynyň häkimi Ata Muhammet Nur hem bu duşuşykda Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ylalaşykly gurlanlygyny we onuň başlyklarynyň döwletiň 50 göterimine eýediklerini nygtap şol ylalaşyk esasynda Owganystanyň prezidentiniň ony kenarda guýmaga ygtybarly däldigini aýtdy.
ol şeýle-de Owganystan halkynyň ýanynda galjakdygyny belläp geçdi.
Owganystanyň döwlet baştutanyň Balh welaýatynyň häkimini wezipesinden boşadyp başga birisini onuň ýerine bellemegi baradaky karary Owganystanyň yslam jemgyýet partiýasynyň jogapkärlerini gazaplandyrandyr.