Pompeo: Liwanyň Hizbullaha hereketine garşy basyş we sanksiýalar dowam edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8127-pompeo_liwanyň_hizbullaha_hereketine_garşy_basyş_we_sanksiýalar_dowam_edýär
Amerikanyň daşary işler ministri çarşenbe güni gije Liwanyň Hizbullaha hereketine garşy edilýän basyşlaryň we sanksiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 08, 2020 19:51 Asia/Ashgabat
  • Pompeo: Liwanyň Hizbullaha hereketine garşy basyş we sanksiýalar dowam edýär

Amerikanyň daşary işler ministri çarşenbe güni gije Liwanyň Hizbullaha hereketine garşy edilýän basyşlaryň we sanksiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy.

Maýk Pompeo metbugat ýygnagynda Waşingtonyň Liwanda Hizbullaha hereketine basyş etmegini dowam etdirjekdigini aýtmak bilen beýleki ýurtlary ABŞ ýaly Hizbullahy terrorçy toparlaryň sanawyna goşmaga çagyrdy.

Şeýle hem Pompeo, ABŞ-nyň Eýran tankerleriniň Wenesuela girmeginiň öňüni alyp bilmänsoň, Eýranyň nebitini Liwana satmagyň bikanundygyny öňe sürdi.

Hizbullanyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrallah sişenbe güni gije Eýranyň milli walýutada (lira) nebit önümlerini Liwana satmaga taýýardygyny belläp, Eýranyň bu ädiminiň uly pidakärçilikdigini aýtdy.

Amerika we Sionist režimi, Liwanyň Hizbullah hereketiniň sebitdäki terrorçy toparlara garşy üstünliklerinden soň bu herekete edilýän basyşy güýçlendirmek üçin tagallalaryny güýçlendirdiler.

Liwanyň Hizbullah hereketi, çydam frontunyň esasy agzasy hökmünde ABŞ-Sionist dildüwşüklerine we sebitdäki hereketlerine garşy durmakda möhüm rol oýnaýar.