Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy: Koronadan ölýänleriň köpelmegi geň däldir
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirusyň ýaýramagynyň alamatlaryny göz öňünde tutup, dünýäde koronadan ölýän adamlaryň köpelmeginiň garaşylmadyk bir zat däldigini yglan etdi.
National Interest habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gyssagly lukmançylyk maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maýk Raýan çarşenbe güni Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda beren gürrüňlerinde Koronawirus keseli 2020-nji ýylyň iýun aýynda bütin dünýäde ep-esli ýokarlandy, şol bir wagtda ölüm derejesi bolsa ep-esli azaldy diýdi.
Raýan keseliň ýaýramagynyň ABŞ-da we Latyn Amerikasynda ösýändigini aýtdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bu jogapkäri 2020-nji ýylyň aprel we maý aýlarynda her günde 100,000 adamy koronawirusyna uçraýardylar, emma häzirki wagtda bu san 200,000 adama ýetendir diýip beýan etdi.
Şeýle hem Raýan sişenbe güni koronawirusyň howa arkaly ýokaşýandygyny görkezýän subutnamalaryň köpelýändigini, ýöne munuň entek belli däldigini aýtdy.