Kaliforniýada Amerikanyň bir harby gämisi ot aldy
Bejeriş üçin gämi duralgasyna baran Riçard Bonhamyň gämisi ot aldy. bu hadysada azyndan 21 adam öldi.
Kaliforniýanyň günortasynda ýerleşen San-diýego şäheriniň deňiz bazasynda döwürleýin bejeriş işleri üçin baran Riçard Bonham gämisi ot aldy.
San-Diýego şäher ýangyn gullugynyň habaryna görä, ýangyn bilen bir wagtyň özünde gäminiň otagyndan partlama eşidildi. Wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideoýazgylar 275 metrlik gäminiň köpüsiniň ýangyn tüssesi bilen örtülendigini we ýangyn söndüriji gaýyklaryň ody öçürýändigini görkezýär. heniz bu wakanyň sebäbi belli bolan däldir.
ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň metbugat sekretary Çarlz Braunyň sözlerine görä, ýaralananlaryň köpüsi ýüzleý ýanmalar bilen dem alýan ot tüssesi babatly keselhana ýerleşdirildi. ýaraly bolanlaryň dördüsi harby däldirler.
ýangyn wagtynda 160 deňizçi Benham Riçarddadylar. şol bir wagtda bu gäminiň ýakynynda duran başga iki gämiو Gämi duralgasyndan çykdylar.
Riçard Banham 1000 adamlyk ekipasy bolan suw-gury ýer hüjüm gämisidir. bu gämi 1998-nji ýylda Amerikanyň deňiz güýjüne goşulandyr.