Malaýziýanyň parlamentiniň sionist režimini BMG-dan çykarmak meýilnamasyny
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8206-malaýziýanyň_parlamentiniň_sionist_režimini_bmg_dan_çykarmak_meýilnamasyny
Malaýziýanyň deputatlary sionist režimeimiň Birleşen Milletler Guramasyndan çykarylmagyny islediler.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 17, 2020 16:06 Asia/Ashgabat
  • Malaýziýanyň parlamentiniň sionist režimini BMG-dan çykarmak meýilnamasyny

Malaýziýanyň deputatlary sionist režimeimiň Birleşen Milletler Guramasyndan çykarylmagyny islediler.

ISNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Malaýziýanyň mejlisiniň öňdebaryjy agzasy Seýed Ybraýym Seýed Nuh Palestina ugrunda göreşmek we Ysraýylyň hereketlerini berk ýazgarmak meýilnamasyny hödürledi we Malaýziýanyň hökümetiniň we Fransiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly beýleki ýurtlaryň wekilleri tarapyndan garşy alyndy.

Meýilnamada sionist režimiň BMG-nyň Tertipnamasyna we kanunlaryna laýyklykda borçlaryny ýerine ýetirmänligi üçin Birleşen Milletler Guramasyndan we oňa tabyn bolan ähli guramalardan kowulmalydygy aýdylýar.

Mundan ozal Malaýziýanyň öňki premýer-ministri Mahathir Mohamad sionist režimiň Palestina sebitlerinde alyp barýan işlerini halkara hukugyny bozmak diýip atlandyrdy we dünýäniň islendik ýurdunyň ýerlerini basyp almagyň kabul ederliksizdigini we Malaýziýanyň Ysraýyly hiç haçan ykrar etmejekdigini aýdypdy.