Amerika resmisiniň Eýran-Hytaý şertnamasyna gatyşmagy
Amerikanyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Eýran bilen Hytaýyň arasynda hasyl bolan ylalaşyga goşulmak bilen Eýran bilen Hytaýyň hyzmatdaşlyk şertnamasyna ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Amerikanyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Stiwen Bigan çarşenbe güni Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň mejlisinde Ak tamyň işgärleriniň Eýrana garşy aýyplamalaryny we ýalan toslamalaryny gaýtalap Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky giňişleýin hyzmatdaşlyk resminamasyna ýakyndan gözegçilik edýär diýdi.
demokratiýany goramak atly Sionistik (FDD) merkeziň dolandyryjy müdiri Mark Dubowitz, Tähran-Pekin şertnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň öňüni almak üçin Hytaý kompaniýalaryna we banklaryna garşy sanksiýalary teklip etdi.
Jemleýji Eýran-Hytaý hyzmatdaşlygy maksatnamasy şu günler ABŞ resmileriniň esasy aladalarynyň birine öwrülendir.
Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk giňişleýin hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň taslamasy ýakynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklandy we Eýranyň Daşary işler ministrligine resminama Hytaý tarapy bilen gol çekilýänçä soňky çäreleri görmegi tabşyryldy.
Eýran we Hytaý, iki garaşsyz we güýçli ýurt hökmünde Waşingtonyň zor aýdyjylykly syýasatlarynyň we hereketleriniň garşysynda elmydama durandyrlar.