Wendi Şerman: Eýran çydam strategiýasyny saýlady
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8388-wendi_Şerman_eýran_çydam_strategiýasyny_saýlady
Amerikanyň öňki resmisi Ak tamyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatlarynyň netijesizdigini göz öňünde tutup, Eýranyň çydam strategiýasyny saýlandygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Aug 06, 2020 17:41 Asia/Ashgabat
  • Wendi Şerman: Eýran çydam strategiýasyny saýlady

Amerikanyň öňki resmisi Ak tamyň Eýrana garşy alyp barýan syýasatlarynyň netijesizdigini göz öňünde tutup, Eýranyň çydam strategiýasyny saýlandygyny aýtdy.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Barak Obamanyň döwletinde Amerikanyň daşary işler ministrnyň orunbasary Wendi Şerman çarşenbe güni wirtual we wideo konferensiýasynda geçirilen Aspin howpsuzlyk ýygnagynda beren gürrüňlerinde: Eýran gepleşiklere hiç wagt ýakyn däldir diýdi.

ABŞ-nyň öňki resmisi  Şerman şonuň üçin biz iň erbet ýagdaýdadyrys diýip sözlerine goşdy.

Wendi Şerman, şeýle hem, Amerikanyň döwlet departamentinde Eýran işleri boýunça ýörite wekili Braýan Hookyň toslamalarynyň jgaýtawulynda 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyndan soň häzir ylalaşygymyz ýok we Eýran urany has ýokary göterim bilen baýlaşdyrdy diýip nygtady.

Aspin howpsuzlyk sammitinde Braýn Hook Eýran baradaky esassyz toslamalaryny gaýtalap Tähran ykdysady basyş bilen gepleşikleriň arasyndan birini saýlamalydyr diýip aýdypdy.