Makroon:Amerika özüni ygtybardan gaçyrandyr
https://parstoday.ir/tk/news/world-i853-makroon_amerika_özüni_ygtybardan_gaçyrandyr
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makroon Kudus hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda tassyklanan karar hata yşarat edip Amerika özini ygtybardan gaçyrandyr diýdi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Dec 22, 2017 19:33 Asia/Ashgabat
  • Makroon:Amerika özüni ygtybardan gaçyrandyr

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makroon Kudus hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ýygnagynda tassyklanan karar hata yşarat edip Amerika özini ygtybardan gaçyrandyr diýdi.

Frans 24 tele ýaýlymynyň beren habaryna görä şu gün Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makroon Parižde Palestina dolanşygynyň başlygy Mahmut Abbas bilen geçiren habar konferensiýasynda Amerikanyň ýol planyna garşydygyny yglan edip Amerika döwleti özüni ygtybardan gaçyrandyr diýip nygtady.

Makroon şeýle-de garaşsyz Palestinanyň gurulmagyny nygtap bu çäräniň başga alternatywy ýokdyr we bu mesele diňe iki taraplaýyn gepleşikler arkaly çözüljekdir diýip beýan etdi.

Fransiýanyň prezidenti şeýle-de Sionist režimi tarapyndan amala aşyrlyp duran şäherçe gurluşyk işleriň ýatyrylmagyny nygtady.

Palestina dolanşygynyň başlygy Mahmut Abbas hem bu habar konferensiýada köp böwetleriň bolmagyna garamazdan ýaraşyk ylalaşygyny kämilleşdirmek ugurda tagalla etjekdigini aýtdy.