Maýk Pompeonyň Sinist režime berýän hemaýatlary
Donald Trampyň prezident döwürinde Amerika,Sionist režimine öňkilerden köpräk hemaýat berendir.
Waşingtonyň Arap ýaranlary tarapyndan Ýsraýyl resmiýete tanamagy uguryndaky tagalla edilmegi Trampyň döwletiniň şu ýerlikdäki işlerindendir.şu hakda Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo hem möhüm roly oýnaýandyr.şonuň üçin ol geçen günlerde sebitleýyn saparyny başlap deslap basypalynan Palesina baryp sionist režimiň orundarlary bilen duşuşyp bu režim bilen BAE-yň gatnaşyklarynyň kadalaşmagy,Arap ýurtlaryň tarapyndan Ýsraýylyň resmiýete tanalmagynyň dowam etmegi şeýlede Eýranyň tarapyndan hamana abanýan howplar barada gürrüň etdi.Maýk Pompeo şu duşuşyklaryň yzy bilen hem bir twitti berip,Ak-Tamyň Ýsraýyla berýän hemaýatlary heizem gudrat bilen dowam etdiriljekdir diýiýp ýazdy.Pompeo,Sionist režimiň primer ministri Benýamin Netanýahu bilen geçiren söhbetdeşligine yşarat edip,biz Eýranyň sebitde durnuksyzlyk döretýän işlerine garşy göreşilmeginiň ýollary,Amerika bilen Ýsraýylyň bilelikde ýüz be ýüz bolýan kynçylyklary şeýlede Abraham ylalaşygyň peýdalary barada gürrüň etdik.Amerika ,Ýsraýylyň howpzuzlyklaryna hemaýat bermekde hemişe özüni borçly bilýär diýip ýazdy.aýtmak ýerli Maýk Pompeonyň Abraham diýen gürrüňi Ýsraýyl bilen BAE-yň gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmagy baradaky ylalaşykdyr.ö näme Donald Tramp onuň adyna Abraham ylalaşygyny goýandyr.Amerikanyň prezidenti Donald Tramp Ak-Tama giren zamanyndan daşary syýasatda köp jenjellerini edendir.Trampyň daşary syýasatynyň möhüm ýöritelikleriniň birisi,Ýsraýyla hiç bir şersiz berip onuň garşysynda Amerikanyň öňki prezidentleriniň etmedik işlerini etmegidir. Olaryň iň möhümi hem Kudusyň sionist režiminiň paýtagty höküminde tanalmagy Jowlan sebitiniň basypalynana Palestina birikdirmeginiň resmiýete tanalmagy,Palestinalylary öz aýdyň haklaryndan mehrum edip sionist režimine güýçli peýda berýän günbatar kenardaky ýerleriň kä bölümlerini basypalynan Palestina birikdirýän asryň söwdasy dilen taslamnyň ileri sürilmegidir.