Dünýäde Kovid-19 sebäpli adam ýitgileri dowam edýär
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 22 million 618 müň adama ýetdi
Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 961 müň 785 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 31 million adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 22 million 618 müň adama ýetdi.
Epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 203 müň 828 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 6 million 967 müň adama ýetdi.
Braziliýada soňky 24 sagatda ýene-de 739 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 136 müň 565 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 33 müň 57 adam artyp, jemi 4 million 528 müň 240 adama ýetdi.
Meksikada soňky 1 günde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 455 adam artyp, jemi 73 müň 258 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 167 adam artyp, 694 müň 121 adama ýetdi.
Epdemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 27 adam artp, jemi 41 müň 759 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 4 müň 422 adamlyk artyş bilen, 390 müň 358 adama ýetdi.
Italiýada Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 35 müň 692-ä ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 296 müň 569 adamdan geçdi.
Fransiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 31 müň 274 adama, hasaba alynanlaryň sanybolsa 442 müň 194 adama ýetdi.
Ispaniýada Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi 30 müň 495-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 659 müň 334 adama ýetdi.
Kanadada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 1 hepdede ýene-de 35 adam ýogaldy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 9 müň 248 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 203 adamlyk artyş bilen 142 müň 866 adama ýetdi.