Gazagystanyň ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky halkara protokolyna goşulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i8849-gazagystanyň_ölüm_jezasyny_ýatyrmak_baradaky_halkara_protokolyna_goşulmagy
Gazagystanyň hökümeti ölüm jezasyny ýatyrýan Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň ikinji goşmaça resminamasynyň taslamasyna gol çekdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 25, 2020 08:24 Asia/Ashgabat
  • Gazagystanyň ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky halkara protokolyna goşulmagy

Gazagystanyň hökümeti ölüm jezasyny ýatyrýan Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň ikinji goşmaça resminamasynyň taslamasyna gol çekdi.

FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä.Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä Gazagystanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Kairat Omraf bu resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, agza döwletleriň hiç birinde-de ölüm jezasy bolmaz we teswirnama gatnaşýan her bir döwlet öz ygtyýarlyklarynda ölüm jezasyny ýatyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge razydyr.

2019-njy ýylyň dekabrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym Jumart Tokaýew Daşary işler ministrligine Nursultanyň Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnamanyň ikinji goşmaça teswirnama goşulmagyny çaltlaşdyrmagy tabşyrdy.