Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artmaga dowam edýär
Dünýäde koronawirus epidemiýasyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 878 müň adama ýetdi
Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 46 müň adama, wirusa ýoluganlaryň sany 35 million 709 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 26 million 878 müň adama ýetdi.
Koronawirus epidemiýasy sebäpli 215 müň 32 adamyň ýogalan ABŞ-da wirusa ýoluganlaryň sany 7 million 679 müň adama ýetdi. Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Keýli MakEnani koronawirus testiniň pložitel çykandygyny we özüni karantin astyna alandygyny habar berdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kovid-19-a garşy bejergi alan Walter Reed harby hassahanasyndaky bejergisi tamam bolup, Ak Tama ugradyldy.
Braziliýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän habaryna görä, soňky 1 günde ýene-de 323 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 146 müň 773 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň 946 adamlyk artyş bilen jemi 4 million 940 müň adama ýetdi.
Argentinada soňky 1 günde ýene-de 450 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 21 müň 468 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň 242 adamlyk artyş bilen 809 müň 728 adama ýetdi.
Meksikanyň Saglygy goraýyş ministrligi, soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 180 adamyň ýogalandygyny we ýene-de 3 müň 417 adamyň wirusa ýolugandygyny habar berdi. Ýurtda şeýlelik bilen koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 79 müň 268 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 765 müň 82 adama ýetdi.
Kolumbiýada soňky 24 sagatda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýene-de 132 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 26 müň 844 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 106 adamlyk artyş bilen, jemi 862 müň 158 adama ýetdi.
Perunyň Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän habaryna görä, soňky 24 sagatda 92 adam ýogaldy we 416 adam hasaba alyndy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 32 müň 834 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 829 müň 999 adama ýetdi.
Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 16 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalanlaryň sany 36 müň 2 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 257 adamlyk artyş bilen 327 müň 586 adama ýetdi.
Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 1 günde ýene-de 69 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtdaky jemi adam ýitgisi 32 müň 299-a, hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 84 adamlyk artyş bilen 624 müň 274 adama ýetdi.
Hindistanyň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ýurtda ýene-de 884 adamyň ýogalmagy bilen, Kovid-19 sebäpli jemi ýogalanlaryň sany 103 müň 600 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 61 müň 267 adamlyk artyş bilen, 6 million 685 müň adama ýetdi.
Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 36 müň 967 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 million 527 müň adama ýetdi. Materikde şu günki güne çenli iň köp adam ýitgisi 17 müň 16 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda, 5 müň 990 adam bilen Müsürde we 2 müň 369 adam bilen Marokkoda hasaba alyndy.