Iňlisiň Daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagyny nygtady
(last modified Tue, 06 Oct 2020 18:54:04 GMT )
Oct 06, 2020 23:54 Asia/Ashgabat
  • Iňlisiň Daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagyny nygtady

Sişenbe güni Iňlisiň daşary işler ministri ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagynyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, "Dominik Raab" Iňlis jemgyýetçilik palatasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň mejlisinde Londonyň beýleki Ýewropa taraplary bilen bilelikde bu halkara şertnamany gorap saklamaga synanyşýandygyny mälim etdi.

Iňlis daşary işler ministri ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny dikeltmek synanyşygynyň "nädogrydygyny" aýtdy.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň köpüsiniň garşylygyna garamazdan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo şenbe güni (20-nji sentýabr) BMG-nyň Eýrana garşy ähli sanksiýalarynyň, şol sanda ýarag gadaganlygynyň dikeldilýändigini toslady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu toslamasy giň garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ýewropa Troika, Hytaý we Orsýet ýakynda ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan birtaraplaýyn yza çekilmegi we arkalaşygynyň togtadylmagy barada bilelikdäki beýannama ýaýratdy we Waşingtonyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny dikeltmek işine başlap bilmejekdigini aýtdy.