Nagorno-Garabag sebitindäki iň soňky özgerişleri
Ermeni goşuny Azerbaýjan Respublikasynyň Ganja şäheriniň asuda ýerlerini raketa bilennyşana aldy.
Ýekşenbe güni irden Ganjanyň ýaşaýyş ýerlerine ermenileriň raketa hüjüminde bäş parahat ilat öldürildi, 28 adam, şol sanda birnäçe ýaş çaga ýaralandy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, düýn agşam Agdam şäherine garşy Ermenistanyň tophanalyk hüjüminde hem bir raýat öldi.
Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasynyň güýçleriniň hüjümlerine jogap edip, bu ýurduň güýçleriniň jedelli Nagorno-Garabag sebitindäki pozisiýalaryny nyşana aldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministrligi öten agşam ermeni güýçleriniň hüjümlerini yzyna gaýtarmak bilen hüjüm güýçlerine agyr zarba urandygyny habar berdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, hüjümlerde bäş tank, 16 harby göteriji we ermeni güýçleriniň howa goranyşa garşy sekiz gorag ulgamy ýok edilipdir.
şol bir wagtda Ermenistan Azerbaýjan Respublikasyny Türkiýe we Sionist režimi tarapyndan ýarag satyn almakda aýyplady.
Itar-Tass habar gullugynyň habaryna görä Ermenistan Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Artrun Howhannisýan ýekşenbe güni Ysraýyl bilen Türkiýäniň ynsanperwer kömegi bahanasy bilen Azerbaýjan Respublikasyna harby enjamlary satýandygyny aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda 27-nji sentýabrda jedelli Nagorno-Garabag sebitinde başlanan täze çaknyşyklar 14 günden soň Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Orsýetiň Daşary işler ministrleriniň Moskwada geçirilen duşuşygynda şenbe güni (düýn) öýlän ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyldy ýöne bu ylalaşyga garamazdan Nagorno-Garabag sebitinde çaknyşyklar dowam etýändir.