Pompeonyň Eýrana garşy ýarag embargosynyň gutarmagyna ejiz gaýtawuly
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9063-pompeonyň_eýrana_garşy_ýarag_embargosynyň_gutarmagyna_ejiz_gaýtawuly
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň gutarmagyna passiw jogap hökmünde Eýrana ýarag satmaga kömek edýän ýurtlara ýa-da şahslara haýbat atdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 18, 2020 19:02 Asia/Ashgabat
  • Pompeonyň Eýrana garşy ýarag embargosynyň gutarmagyna ejiz gaýtawuly

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň gutarmagyna passiw jogap hökmünde Eýrana ýarag satmaga kömek edýän ýurtlara ýa-da şahslara haýbat atdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň möhletiniň gutarmagynyň gaýtawulynda Waşington öz güýjüni Eýrana ýa-da Eýrandan gelip çykýan ýaraglary iberýän, satýan ýa-da daşaýan islendik adama ýa-da gurama garşy sanksiýalar girizer diýdi.

Maýk Pompeo adaty ýaraglary Eýrana eksport etmek ýa-da şol ýurtdan ýarag satyn almak BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryny bozýandygyny toslady.

Amerikanyň Döwlet sekretary şeýle-de Eýrana ýarag ibermegiň sebitdäki dartgynlygy güýçlendirjekdigini we "terrorçy toparlary" has howply ýaraglar bilen enjamlaşdyrjakdygyny toslady.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna görä, Eýranyň ýarag sanksiýasy şu gün, 18-nji oktýabrda tamamlandy.

BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary ABŞ-nyň Eýranyň ýarag sanksiýasyny uzaltmak baradaky çagyryşyna garşy çykdylar.