Pompeonyň Eýrana garşy ýarag embargosynyň gutarmagyna ejiz gaýtawuly
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Eýrana garşy ýarag sanksiýalaryň gutarmagyna passiw jogap hökmünde Eýrana ýarag satmaga kömek edýän ýurtlara ýa-da şahslara haýbat atdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň möhletiniň gutarmagynyň gaýtawulynda Waşington öz güýjüni Eýrana ýa-da Eýrandan gelip çykýan ýaraglary iberýän, satýan ýa-da daşaýan islendik adama ýa-da gurama garşy sanksiýalar girizer diýdi.
Maýk Pompeo adaty ýaraglary Eýrana eksport etmek ýa-da şol ýurtdan ýarag satyn almak BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryny bozýandygyny toslady.
Amerikanyň Döwlet sekretary şeýle-de Eýrana ýarag ibermegiň sebitdäki dartgynlygy güýçlendirjekdigini we "terrorçy toparlary" has howply ýaraglar bilen enjamlaşdyrjakdygyny toslady.
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna görä, Eýranyň ýarag sanksiýasy şu gün, 18-nji oktýabrda tamamlandy.
BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary ABŞ-nyň Eýranyň ýarag sanksiýasyny uzaltmak baradaky çagyryşyna garşy çykdylar.