Fauci koronawirusyň ABŞ-da ýaýramagy barada duýduryş berdi
ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri ýurtda korona keseliniň ep-esli ýokarlanjakdygynyň Mümkindigi barada duýduryş berdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri "Anthony Fauci" korona keseliniň ep-esli ýokarlanmagynyň ähtimallygy barada duýduryş bermek bilen Sowuk gyş aýlary ýakyn wagtda geler we ýagdaý erbetleşer diýdi.
Fauci sözüniň dowamynda Biz gündelik bolup geçýän korona keselini azaltmagyň ýolunda bolmalydyk ýöne beýle bolmady diýdi.
Fauci korona sanjymynyň mümkin boljak wagty barada Ýanwar ýa-da birneme soňrak bolmagy mümkin diýdi.
Prezident Donald Trumpyň Corona wirusyny erbet dolandyrmagy giň tankyt edildi.
Statistikalar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 9 milliondan gowrak adamyň koronawirusa ýokaşandygyny we 232,000-den gowrak adamyň wirusdan ölendigini görkezýär.