Makron yslama garşy pozisiýalardan yza çekildi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9202-makron_yslama_garşy_pozisiýalardan_yza_çekildi
Fransiýanyň prezidenti, yslama garşy pozisiýalaryndan çekilmek bilen bir wagtda, sosial ulgamlaryň mazmunyny ýalan hasaplady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 01, 2020 08:47 Asia/Ashgabat
  • Makron yslama garşy pozisiýalardan yza çekildi

Fransiýanyň prezidenti, yslama garşy pozisiýalaryndan çekilmek bilen bir wagtda, sosial ulgamlaryň mazmunyny ýalan hasaplady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron şenbe güni twitterde: "Fransuz sosial ulgamlarynyň mazmunyndan tapawutlylykda haýsydyr bir dinde kynçylyk ýok" -diýdi.

Makron soňky günlerde yslama garşy sozlerini agzamazdan, ähli dinlere uýýanlaryň hemmesiniň öz dini däp-dessurlaryny erkin berjaý edýändigini öňe sürdi.

Fransiýanyň prezidenti Al-Jazeere habar gullugy bilen geciren s]hbetde\liginde Çarli Hebdonyň kemsidiji hereketine esaslanyp"Ol musulmanlaryň fransuz hepdeliginde çap edilen karikaturalarda bolan duýgularyna düşünýänligini aýdan boldy.

Soňky günlerde Fransiýanyň "Çarli Hebdo" hepdeligi Yslamyň Pygamberi (saw) hakda kemsidiji karikaturalary çap etdi.

Fransiýanyň prezidenti, hem diplomatiýanyň kadalaryndan we demokratiýa ýörelgelerinden daşda eden beýanynda Fransiýanyň Yslam pygamberine (saw) garşy kemsidiji karikaturalary çap etmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.