Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri karantine gitdi
Nov 02, 2020 06:25 Asia/Ashgabat
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom, korona wirusy ýokaşan adam bilen gatnaşyga girenden soň, ýekşenbe güni gije özüni karantine aldy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Adhanum" twitterde korona synagy oňyn bolan adam bilen aragatnaşyk sebäpli özüni karantine alandygyny mälim etdi.
Bütindünýä saglyk guramasynyň baş müdiri halynyň gowy we keseliň alamatlary ýokdygyna yşarat edip "Işimi öýden ederin" diýdi.