Owganystanyň daşary işler ministri Atamuhammet Nur hakdaky höküme ýaňadan garalmagyny isledi
Owganystanyň daşary işler ministri we bu ýurduň yslam jemgyýet Partiýasynyň başlygy salahoddin rabbani Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Atamuhammet Nuriň gyrakda guýulmagy baradaky höküme ýaňadan garalmagyny isledi.
Tasnim habarlar gullugynyň beren habaryna görä düýn Salahoddin Rabbani Balh welaýatynyň merkezi mazar şarif-de Atamuhammet Nur bilen geçiren duşuşygynda Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf ganiden bu ýurduň Yslam jemgyýet Partiýanyň teklip eden şertlerini kabul etmegini ýada AtaMuhammet Nur bilen geçirlen gepleşiklerde hasyl bolan ylalaşyga amal etmegini isledi.
Salahoddin rabbaniň bu islegi şeýle bir ýagdaýda ara atylandyr welin Owganystanyň milli birleşik döwletiniň ýerine ýetiriji başlygy Abdulla Abdulla Atamuhammet Nuriň gyrakda goýulmagy barada tutulan tutum Rabbaniň sazlaşygy bilen tutulandyr diýip yglan etdi.