Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Garabag söweşini bes etmmek barada ylalaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i9279-ermenistan_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_garabag_söweşini_bes_etmmek_barada_ylalaşygy
Duşenbe güni agşam Ermenistanyň premýer-ministri Orsýetiň we Azerbaýjan respublikasynyň ýolbaşçylary bilen Nagorno-Garabag sebitindäki söweşi bes etmek barada ylalaşygyň bolandygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 10, 2020 07:07 Asia/Ashgabat
  • Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Garabag söweşini bes etmmek barada ylalaşygy

Duşenbe güni agşam Ermenistanyň premýer-ministri Orsýetiň we Azerbaýjan respublikasynyň ýolbaşçylary bilen Nagorno-Garabag sebitindäki söweşi bes etmek barada ylalaşygyň bolandygyny yglan etdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Nikol Paşinýan Orsýetiň we Azerbaýjan respublikasynyň ýolbaşçylary bilen Nagorno-Garabag sebitindäki söweşi bes etmek barada şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Kreml köşgi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň we Ermenistanyň premýer-ministri Paşinýanyň Nagorno-Garabag sebitinde ot açyşlygyň bes edilmegi barada bilelikdäki beýannama gol çekendiklerini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Putin öz beýanatynda: "Bilelikdäki beýannama görä, Nagorno-Garabag sebitinde parahatçylygy goraýyş güýçleri ýerleşdiriler we täze ot açyşlygyň  bes edilmegi Nagorno-Garabag krizisiniň uzak möhletleýin çözülmegi üçin zerur şertleri döreder" -diýdi.

Orsýetiň prezidenti täze ýaraşygyň şu gün irden (10-njy noýabr, sişenbe) Moskwa wagtyndan bäri güýje girendigini aýtdy.

Beýleki tarapdan, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew telewideniýede eden çykyşynda Türkiýe bilen Orsýetiň bilelikde Nagorno-Garabagda parahatçylygy goraýyş çärelerini görjekdigini aýtdy.

Aliýew bu şertnamanyň Bakuwyň we Ýerewanyň bähbidine bolandygyny aýtmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekmegiň Baku üçin möhüm üstünlikdigini aýtdy.

Ermenistanyň premýer-ministri "Nikol Paşinýan" Orsýet we Azerbaýjan respublikasy bilen urşy bes etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan edeninden soň, Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda demonstrantlar ýaraşyk şertnamasyna garşy çykdylar we "Nikol Paşinýanyň" işinden aýrylmagyny islediler.