Azerbaýjan Respublikasy Eýrana gadyrdanlygyny bildirdi
Dec 07, 2020 16:03 Asia/Ashgabat
Azerbaýjan Respublikasy, goňşy ýurt hökmünde Eýranyň Nagorno-Garabag söweşinde beren goldawyndan kanagatlanma bildirdi.
Täze Azerbaýjan partiýasynyň wekili Aýdin Mirzazadeh "Ermenistanyň basyp alyjy güýçleriniň Azerbaýjan respublikasynyň çäklerinden çykmalydygy baradaky Eýranyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň nygtaýan garaýşy, Eýranyň biziň hukuklarymyza hormat goýýandygyny görkezýär" -diýdi.
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi; Geçen aýda eden çykyşynda Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasyndaky söweşi sebit howpsuzlygy üçin ajy we howply waka hökmünde häsiýetlendirdiler we harby konfliktiň gysga wagtda gutarmalydygyny aýtdylar.